Prezident Erdogan liderler bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdülaziz As Saud bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan liderler bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde Palestinada başdan geçirilýän soňky hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Gaza serhedinde 62 palestinalynyň şehit edilen wakalara garşy musulmanlaryň umumy pozisiýa eýelemelidigini aýdan Prezident Erdogan we Şa Selman Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň anna güni Stambulda geçirjek nobatdan daşary maslahaty barada pikir alyşdylar.

Erdogan Kataryň Emiri Al Sani, Indoneziýanyň Prezidenti Widodo we Sudanyň Prezidenti El-Beşir bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde Iýerusalim krizis we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Stambulda anna güni geçirjek adatdan daşary maslahaty maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan, Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah El-Ahmed El Jabir Es Sabah, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Iordaniýanyň Şasy II Abdulla we Malaýziýanyň Premýer ministri Mahathir Muhammed bilen hem telefon arkaly söhbetdeş bolup şol babatda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar