Prezident Erdogan Hasan Ruhani we Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Palestinadaky soňky wakalar meselesinde Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan Hasan Ruhani we Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan Ruhani bilen ABŞ-nyň Tel Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegi we ysraýylly esgerleriň Gazada palestinalylary nyşana almagyndan soň sebitde başdan geçirilýän dartgynlyk barada pikir alyşdy.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň anna güni Stambulda geçiriljek nobatdan daşary maslahatynyň musulmanlaryň jebislikde waka garşylyk görkezmegi taýdan möhümdigini nygtan iki lider, BMG derejesinde mesele bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdiklerini nygtady.

Prezident Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri bilen hem ABŞ-nyň ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegi we Gazadaky palestinalylaryň nyşana alynmagyndan soň başdan geçirlen wakalar barada pikir alyşdy.

Erdogan bilen Merkel telefon söhbetdeşliginde şeýle hem özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler barada pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar