"Jebisligimiz baky bolsun"

Prezident Erdogan Musulman dünýäsiniň Oraz aýyny gutlady

"Jebisligimiz baky bolsun"

Erdogan oraz aýynyň ilkinji seläligini Britaniýa guran saparyndan gaýdyşyn uçarda aýaly Emine Erdogan bilen etdi.

Prezident Erdogan uçarda wideo arkaly musulman dünýäsiniň oraz aýyny gutlady.

Prezident Erdogan oraz aýynyň türk halky bilen birlikde ähli musulmanlar üçin düşümli we bereketli bolmagyny arzuw etdi.

Erdogan “Oraz aýyna Ysraýylyň Iýerusalimdäki gyrgynçylygy bilen girýäris we wakalara gaty gynanýarys, ähli şehitlerimize Beýik biribardan rehnet dileýärin. Wakalarda 2550-den gowrak adam hem ýaralandy we ýaralananlara Alladan şypa dileýärin”diýdi.

Prezident R. T. Erdogan  “Pursatdan peýdalanyp 24-nji iýunda geçiriljek saýlawlaryň ýurdumyz we halkymyz üçün düşümli bolmagyny we jebisligimiziň baky bolmagyny dileýärin” diýdi.

 


Etiketkalar: Oraz aýy , musulman , Erdogan

Degişli Habarlar