Mewlüt Çawuşogly yrakly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Türkiýä gelen yrakly kärdeşi Ibrahim Jaferi bilen duşuşyk geçirdi

Mewlüt Çawuşogly yrakly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministrliginde geçjek ikiçäk duşuşykdan ozal gysgajyk beýanat beren Mewlüt Çawuşogly kärdeşiniň Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýä gelendigini habar berdi.

Ibrahim Jaferi bilen dowamly ýagdaýda telefon arkaly söhbetdeş bolýandyklaryny we halkara maslahatlarda ikiçäk duşuşyklar geçirýändiklerini aýdan Çawuşogly şunuň bilen birlikde ýygy-ýygydan saparlar hem guraýandyklaryny habar berdi. Geçirilýän duşuşyklarda ikitaraplaýyn meseleleri, sebitleýin meseleleri we Yrakda bolýan wakalary ara alyp maslahatlaşýandyklaryny aýdan Çawuşogly şol çäkde Jaferiniň saparynyň manylydygyny belledi.

Mewlüt Çawuşogly şeýle hem gepleşikleriň netijeli geçjekdigine ynanýandygyny nygtady.  

Jaferi hem öz gezeginde Çawuşoglynyň hemişe dinamikdigini belläp, şu gün Bangladeşe syýahada çykmazdan ozal duşuşmaga wagt tapanlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.



Degişli Habarlar