Erdogan saýlawlar bilen baglanşykly beýanat berdi

Türk lider 24-nji iýunda geçiriljek saýlawlar bilen Türkiýäniň durnuklylyk we ynam şertlerini güýçlendirjek täze bir döwüre girjekdigini belledi

956738
Erdogan saýlawlar bilen baglanşykly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

Ýüzlenmesinde milli ygtyýaryň üstünde durup geçen Erdogan: “2017-nji ýylyň 16-njy aprelinde milletimiz tarapyndan Konstitutsiýa üýtgeşiklikler girizilenden soň, 24-nji iýunda geçiriljek saýlawlar bilen Türkiýäniň durnuklylyk we ynam şertlerini güýçlendirjek täze bir döwüre gireris. Ýurdumyzyň gelejegi bilen baglanşykly kararlaryň has çalt ýagdaýda kabul edilip bilinmegini we ýola goýulmagyny üpjün etjek bu ädim, ösüşimizi we galkynyşymyzy hem tizleşdirer” diýdi.

Erdogan: “Täze döwürde TBMM bilen has ýakyn gatnaşykda we raýdaşlyk içinde, gelejegimiz we umydymyz bolan çagalarymyza has gowy gelejek, has uly we has güýçli Türkiýe goýmak üçin ähli güýjümiz bilen işlemegimizi dowam etdireris” diýdi.

Erdogan: “Şol sebäpli döredilen gününden bäri TBMM-de ýurdumyza hyzmat eden ähli depuatatlarymyza milletimiziň adyndan minnetdarlyk bildirýärin. Milli Azat edijilik söweşimiziň Baş serkerdesi, TBMM-niň ilkinji başlygy, Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gazi Mustafa Kemal bilen ähli şehitlerimizi we gazylarymyzy hormat bilen hatyralaýaryn. Ähli çagalarymyzy, bütin dünýäniň çagalaryny bu baýramlary bilen gutlaýaryn” diýdi.


Etiketkalar: #ýüzlenme , #Erdogan , #gutlamak

Degişli Habarlar