Şyrnak welaýatynda üç esger şehit boldy

Ýüze çykan çaknyşykda şeýle hem 1 esger ýaralandy

Şyrnak welaýatynda üç esger şehit boldy

Şyrnak welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň Bestler-Derelerdäki Kuýutepe serhet birikmesine hüjüm guramagy netijesinde 3 türk esger şehit boldy.

Ýüze çykan çaknyşykda şeýle hem 1 esger ýaralandy.

Hüjüm guran terrorçylaryň tapylmagy üçin sebitde operasiýa başladyldy.

Beýleki tarapdan Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda soňky 1 hepdede ýurdyň öz içinde geçirilen operasiýalarda 38 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.


Etiketkalar: çaknyşyk , Şyrnak , esger

Degişli Habarlar