Meý Prezident Erdogana Siriýanyň hökümetine garşy guralan howa hüjümi barada maglumat berdi

Erdogan Meý bilen Siriýadaky soňky wakalar barada pikir alyşdy

951384
Meý Prezident Erdogana Siriýanyň hökümetine garşy guralan howa hüjümi barada maglumat berdi

 

Prezident R. T. Erdogan Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen Meý telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky soňky wakalar barada pikir alyşdy.

Britaniýanyň Premýer ministri Meýiň telefon söhbetdeşliginde Prezident Erdogana Siriýanyň hökümetine garşy guralan howa hüjümi barada maglumat berendigi nygtaldy.

Prezident Erdogan hem Türkiýäniň himiki ýaraglaryň ulanylmagyny berk ýazgarýandygyna ünsi çekdi.

Prezident Erdogan Siriýanyň hökümetiniň konwensional we himiki ýaraglar bilen edýän zulumynyň ortadan aýrylmagy we Siriýanyň halkynyň asuda durmuşda ýaşamagy üçin ýeke-täk ýoluň syýasy çözgütdigini belledi.

Prezident Erdoganyň telefon söhbetdeşliginde sebitde dartgynlygyň çuňlaşmazlygynyň ähmiýetini nygtandygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar