Üç lider Ankarada Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşar

Siriýa temaly Üçtaraplaýyn maslahat Ankarada geçiriler

942415
Üç lider Ankarada Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşar

Siriýa temaly Üçtaraplaýyn maslahat Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň, Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putiniň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda 4-nji aprelde Ankarada geçiriler.

Prezident diwanynyň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä Türkiýe-Russiýa Ýokary derejeli Hyzmatdaşlyk geňeşiniň 7-nji maslahaty Erdoganyň we Putiniň ýolbaşçylyk etmeginde we degişli ministrleriň gatnaşmagynda 3-nji aprelde Ankarada geçiriler.

Maslahatda Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň ähli ugurlary giňişleýin häsýetde ara alynyp maslahatlaşylar. 

Mundan başgada sebitleýin we halkara meseleler barada hem pikir alyşylar.

Putiniň saparynyň çäginde şol gün Akkuýu ýadro desgasynyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy geçiriler.

Beýleki tarapdan Siriýa temaly Üçtaraplaýyn maslahat Erdoganyň, Putiniň we Ruhaniniň gatnaşmagynda 4-nji aprelde çarşenbe güni Ankarada geçiriler.

Maslahatyň çäginde Erdoganyň we Ruhaniniň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirjekdigi beýan edildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleler maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar