Prezident Erdogan "Afrinden soň Idlibde we Munbiçde operasiýa geçirler"

Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen mesele barada pikir alyşandyklaryny ýatlatdy

Prezident Erdogan "Afrinden soň Idlibde we Munbiçde operasiýa geçirler"

 

Prezident R. T. Erdogan Afrinden soň Idlibde we Munbiçde operasiýa geçirjekdiklerini aýtdy.

Stambulda halka ýüzlenip çykyş eden Erdogan Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk sebitiň halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek üçin 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy barada durup geçdi.

Operasiýada häzire çenli  täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sanynyň 3700-den geçendigini aýdan Erdogan, Afrinden soň Idlibde we Munbiçde operasiýa geçirjekdiklerini belledi.

Erdogan düýn agşam ABŞ-nyň Prezidenti Conald Tramp bilen mesele barada pikir alyşandyklaryny ýatlatdy.



Degişli Habarlar