Bekir Bozdag ABŞ-a reaksiýa bildirdi

Hizer Noýert Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ýekşenbe güni Afrini terrorçylardan saplamagyndan soň beren beýanatynda: “Soňky 48 sagat bolan wakalara garşy aladalydyrys” diýip beýanat beripdi

933395
Bekir Bozdag ABŞ-a reaksiýa bildirdi

 

Wise-premýer Bekir Bozdag Siriýanyň Afrin sebitinde alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň maksadynyň terror guramalarydygyny belläp: “ABŞ tarapyndan gelen soňky beýanatlar Zeýtun şahajygy operasiýasynyň maksadyna entegem düşünmediler ýa-da düşünmek islemeýändiklerini görkezýär” diýdi.

“Zeýtun şahajygy operasiýasy bigünä asuda ilata ýa-da kürtlere garşy däldir, terror guramalaryna garşy bir operasiýadyr. Operasiýada asuda ilata zeper ýetirilmedi: suw, azyk, derman ýa-da şoňa meňzeş zerurlyklaryň öňi kesilmedi” diýen Bekir Bozdag Zeýtun şahajygy operasiýasynyň DAIŞ-e garşy göreşi gowşadandygy baradaky öňe sürmeleriň esassyz we ýalandygyny nygtady.

Twitterden beren beýanatynda Türkiýäniň asuda ilata zeper ýetirmeden, ýaşaýyş ýerlerini ýakyp-ýumurmadan, üstünlikli bir operasiýa alyp barýandygyny aýdan Bozdag: “Türkiýäni takdyr etmegiň ýerine häzirem ýalan we ýalňyş maglumat bermäge çalyşmaklary Türkiýä garşy bir duşmançylykdyr. Türkiýe ýazgaryjynyň ýazgarmagyna üns bermezden, hiç kimden takdyra garaşmadan bilýän dogry ýolunda ýöremegini dowam etdirer” diýip belledi.

ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hizer Noýert Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ýekşenbe güni Afrini terrorçylardan saplamagyndan soň beren beýanatynda: “Soňky 48 sagat bolan wakalara garşy aladalydyrys” diýip beýan edipdi.



Degişli Habarlar