Zeýtun şahajygy operasiýasynda ýene-de bir oba terrorçylardan saplandy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Siriýanyň Afrin sebitinde alyp barýan Zeýtun şahajygy operasiýasynda ýene-de bir obany terrorçylardan saplady

Zeýtun şahajygy operasiýasynda ýene-de bir oba terrorçylardan saplandy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Zeýtun şahajygy operasiýasynyň 25-nji gününde Afriniň demirgazygyndaky Bülbül etrapçasynyň Ömer Simo obasyny PÝD/PKK-dan saplady.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we operasiýa goldaw berýän Azat Siriýa goşuny operasiýanyň başlan güni bolan 20-nji ýanwardan bäri PÝD/PKK-nyň gözegçiligi astyndaky 5 etrapçasyndaky 34 obany, 3 kiçi obany we strategik taýdan möhüm bolan 14 sany dagdyr-depe bolmak bilen jemi 52 aýry ýeri terror guramasyndan halas etdi.  

Beýleki tarapdan terror guramasyna garşy artilleriýa hüjümleri hem dowam etdirilýär.

Terror guramasyna degişli ýerlere artilleriýa arkaly hüjüm guraldy.

Afrin sebitinde anyklanan terror guramasy PÝD/PKK-a degişli ýerler Kilis welaýatynda ýerleşdirilen köp nilli granatamýotlar, gaubisalar we taňklar bilen nyşana alynyp, hüjüm guraldy.  



Degişli Habarlar