“Terror guramalary Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine garşy bilelikde hereket edýärler”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýanyň Afrin sebitinde PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e ağza terrorçylaryň Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine garşy bilelikde hereket edýändiklerini habar berdi

“Terror guramalary Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine garşy bilelikde hereket edýärler”

Kuweýtde “DAIŞ-e garşy göreşiň Halkara koalisiýasynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna” gatnaşan Çawuşogly metbugat işgärlerine ýapyk ýagdaýda çykyş etdi.

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Çawuşogly çykyşynda Türkiýäniň terrora garşy göreşe goşan goşantlaryny we DAIŞ, PKK/KCK/PÝD-ÝPG we beýleki terror guramalaryna garşy göreşde halkara jemgyýetden tamalaryny belläp geçdi.

Ministr Çawuşogly söweş meýdanynda ýeňilýän DAIŞ-iň taktikasyny üýtgedip, PKK/KCK/PÝD-ÝPG bilen birlikde beýleki terror guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge başlandygyny we onuň anyk mysalynyň Siriýanyň Afrin sebitinde şaýat bolýandyklaryny belledi.

Mewlüt Çawuşogly Zeýtun şahajygy operasiýasynda PKK/KCK/PÝD-ÝPG-niň ýanynda DAIŞ-e agza terrorçylaryň hem Türkiýäniň Ýaragly güýçlerini nyşana alýandygyna ünsleri çekdi.

Çawuşogly daşary ýurtly terrorçylar howpyna garşy göreşmeginiň dowam etdirilmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar