"NATO diýmek ABŞ diýmek däldir

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan TBMM-de partiýasynyň mejlis toparynda çykyş etdi

"NATO diýmek ABŞ diýmek däldir

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä ýarag kömegini bermek baradaky kararynyň Türkiýäniň ABŞ barada kabul etjek kararyna täsirini ýetirip biljekdigini aýtdy.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan TBMM-de partiýasynyň mejlis toparynda çykyş etdi.

Çykyşynda ABŞ-nyň terrora garşy göreşde iki ýüzli  hereket edýändigine ünsi çeken Prezident Erdogan, asyrlardan bäri döwlet däbine eýe bolan Türkiýäniň terrora garşy göreşde öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

ABŞ-na NATO-nyň agzasy hökmünde jogapkärçilikli hereket etmek barada çagyryş beren Erdogan “NATO agza ýurt eýsem şeýle hereket etmelimi. NATO agza bolsak, NATO agza hökmünde Türkiýe ähli jogapkärçiligini ýerine ýetirýän bolsa  onda ABŞ hem NATO-nyň şertnamalarynyň maddalaryna we hökümelerine laýyklykda hereket etmeli. NATO diýmek ABŞ diýmek däldir. NATO agza her bir ýurt ABŞ bilen deň derejededir. Her bir agza şol jogapkärçilige laýyklykda hereket etmeli” diýdi.

ABŞ-nyň hem PKK/KJK/PÝD-ÝPG bilen hem-de DAIŞ bilen hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çeken Erdogan “DAIŞ-li näçe adamy ýok etdiňiz. Olary nirä ugratdyňyz. Bu meselede anyk maglumat ýok. Biz sebitde kimiň kim bilen birlikde hereket edýändigini, näme işler edýändigini, kime nähili mümkinçilik hödürleýändigini anyklaýarys. Indi hiç kimiň DAIŞ bahanasyny ulanmagyna hajat ýok. Siriýadaky we Yrakdaky DAIŞ-iň soňy geldi. Olaryň PKK-lydygyny görmedik diýýänler eger kör ýada samsyk däl bolsa onda bet päldirler” diýdi.

Amerikan raýatlaryna hem ýüzlenen Erdogan “ABŞ-nyň bujetinden terror guramasyna kömek bermek üçin bölünip berilen pullar Amerikan halkynyň jübüsinden çykan pullardyr. Bu meselde Amerikan halkynyň has ünsli çemeleşmeklerini gün tertibine getirmek isleýärin”diýdi.

Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk halky terrorçylaryň basyşyndan we zulumyndan halas etmek üçin 20-njy ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasyna garşy tutum alyp barýan töwereklere garşylyk görkezen Erdogan, “Operasiýa sebäpli henizem ýurdumyzy günäkärleýänler ilki sebitdäki tunellere, gaçybatalgalara we ýaraglandyrlan obalara seretsinler. Eger şol taýarlyklaryň ýurdumyza garşydygyny görüp bilmeýän bolsalar onda olara aýdara sözümiz ýok” diýdi.


Etiketkalar: NATO , ABŞ , DAIŞ , Afrin , Erdogan

Degişli Habarlar