R.T.Erdogan abraýly wezipä saýlandy

Erdogan “İýerusalim 2018 Musulman Dünýäsiniň Ýaşlarynyň Paýtagty” çäresiniň ýokary dolanşygynyň abraýly başlyklygyna saýlandy

905952
R.T.Erdogan abraýly wezipä saýlandy

Yslam Konferensiýasynyň Dialog we Hyzmatdaşlygynyň Ýaşlar Forumyndan berilen ýazmaça beýannama görä Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna tabynlykda merkezi Stambulda ýerleşýän halkara guramasy Yslam Konferensiýasynyň Dialog we Hyzmatdaşlygynyň Ýaşlar Forumy bilen Palestinanyň Ýaşlar we Sport ministrliginiň hyzmatdaşlygynda guralýan “İýerusalim 2018 Musulman Dünýäsiniň Ýaşlarynyň Paýtagty” çäresiniň açylyşy Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň ýer eýeçiliginde Palestinada geçirildi.

Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Pakyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlardan 10 ministriň, 30 ýurtdan ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşmagyndaky açylyş dabarasynda çykyş eden Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, şeýle möhüm taslamany iş ýüzüne geçiren Yslam Konferensiýasynyň Dialog we Hyzmatdaşlygynyň Ýaşlar Forumyna ýer eýeçiligini edýän Türkiýä we Prezident R.T.Erdogana sagbolsun aýtdy.

Çäräniň çäginde iş ýüzüne geçiriljek taslamalaryň Palestinanyň ýaşlary üçin möhümdigini nygtan Abbas “İýerusalim meselesi musulman dünýäsiniň birleşýän diwarydyr, şol bir wagtda-da Al Aksa metjidi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döredilme sebäbidir. Arap doganlarymyzyň başda durmagynda YHG-na agza ýurtlaryň we degişli düzümleriň Yslam Konferensiýasynyň Dialog we Hyzmatdaşlygynyň Ýaşlar Forumy bilen hyzmatdaşlykda guraljak çärelere degişli goldawy bermäge çagyrýarys” diýdi.

Dabaraly açylyşdan soň Preizdent Erdogan “İýerusalim 2018 Musulman Dünýäsiniň Ýaşlarynyň Paýtagty” çäresiniň ýokary dolanşygynyň abraýly başlyklygyna saýlandy

 



Degişli Habarlar