Prezident Erdogan metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi

Erdogan ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG-niň islendik tarapyň arkaýynlyk bilen ulanyp biljegi gulp açgyçy ýalydygyny belledi

905329
Prezident Erdogan metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi

4-5-nji fewral aralygynda Italiýa saparynda metbugat işgärleri bilen duşuşan Erdogan Russiýanyň we Eýranyň PÝD/ÝPG bilen hyzmatdaşlyk edip biljekdigi bilen bagly öňe sürmeleriň üstünde durup geçdi.

Prezident Erdogan: “PÝD/ÝPG gulp açgyçy ýalydyr, nirede we näme etjekdigi belli däl. Ony her kim ulanyp biler. ÝPG bir terror guramasydyr. Russiýanyň ýa-da Eýranyň olar ýaly bir hereket etjekdigine ynanmaýaryn” diýdi.

Türkiýäniň Prezidentiniň gün tertibinde ABŞ-nyň Münbiç pozisiýasy hem bardy. ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obamanyň Münbiç babatynda Türkiýäni aldandygyny aýdan Erdogan Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň hem şol ýoly saýlandygyny nygtady.

Erdogan: “Tramp bize olar Münbiçde galmazlar, Ýewfrat derýasynyň gündogaryna geçerler diýipdi. Münbiçiň hakyky eýeleriniň araplardygyny kabul edipdi, emma aýdylanlar entegem durmuşa geçirilmedi” diýdi.
 

Münbiçde ýerli halkyň gozgalaň turuzmaga başlandygyny ýatladan Erdogan: “Münbiç ir ýa-da giýç hakyky eýelerine gowuşar” diýdi.

Erdogana Watikanda Papa Fransisk bilen geçiren duşuşygyň jikme-jikligi barada soraldy.

Türk lider: “Papa Iýerusalimiň statusynyň goralmagynyň gerekdigini belledi. Ol hem ABŞ-nyň kabul eden kararynyň ýalňyşdygyny belleýär. Oňa Iýerusalimiň statusynyň goralmagy üçin bilelikde işleşmelidiris. Katoliki dünýä bu babatda siziň berjek ýüzlenmäňiz möhüm diýdim” diýip belledi.
 

Papa Fransiske 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly Türkiýäniň ynjalyksyzlygyny ýatladandygyny aýdan Erdogan meseläniň syýasatçylara berilmeli däldigini we syýasy serişde hökmünde ulanylmaly däldigini beýan edendigini habar berdi.  



Degişli Habarlar