Kalyn: “Wize erkinligi Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň depginini güýçlendirer”

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn wiza erkinliginiň Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň depginini güýçlendirjekdigini aýtdy

905524
Kalyn: “Wize erkinligi Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň depginini güýçlendirer”

Beştepede gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama beren İbrahim Kalyn ÝB bilen wiza erkinligi ylalaşygy iş ýüzüne geçirmek üçin göz öňünde tutulan 72 düzgüniň Türkiýe tarapyndan berjaý edilendigini aýtdy.

Onuň Daşary işler ministrligi tarapyndan ÝB-niň degişli düzümlerine habar berilendigini, şol çäkde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň dğýn ÝB-niň Başlygynyň orunbasary Frans Timmermans bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Kalyn: “Bu gatnaşyklaryň esasanda Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň depginini güýçlendirmegine garaşýarys we umyt edýäris. Şu gün täze bir tapgyryň başlandygyny aýdyp bileris. Biz berjaý edilen 72 düzgüne laýyklkda wiza erkinliginiň gysga möhletde iş ýüzüne geçirilmegine garaşýarys. Onuň 2018-nji ýylyň dowamynda iş ýüzüne geçirilmegi Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň depginini güýçlendirer” diýdi.



Degişli Habarlar