Türkiýe Owganystandaky hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň hökümeti Owganystanyň paýtagty Kabulda düýn bomba ýüklenen tiz kömek ulagy bilen guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

afganistan saldiri.jpg

Daşary işler ministrliginiň ýazmaça beýanatynda hüjümde ýogalan adamlar sebäpli Owganystanyň hökümetine we owgan milletine gynanç bildirilýär.

Kabuldaky terrorçylykly hüjümde ençeme owganystanlynyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny uly gynanç bilen öwrenilendigi aýdylýan beýanatda: “Asuda ilaty nyşana alynan bu hyýanatçylykly, terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys, hüjümde ýogalanlara, Owganystanyň hökümetine we doganlyk owgan halkyna gynanç, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýäris” diýildi.

Owganystanyň paýtagty Kabulda düýn bomba ýüklenen tiz kömek ulagy bilen guralan hüjümde 95 adam ýogalypdy, 158 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar