PÝD/PKK agza terrorçylar Reýhanly etrabyna raketaly hüjüm guradylar

Wakada ýaralanan ýa-da ýogalan adamyň ýokdygy beýan edildi

PÝD/PKK agza terrorçylar Reýhanly etrabyna raketaly hüjüm guradylar

 

Siriýanyň Afrin sebitindäki terror guramasy PÝD/PKK-a agza terrorçylar Türkiýäniň Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabyna raketaly hüjüm guradylar.

Alynan maglumata görä düýn sagat 21:10-da terrorçylar tarapyndan atylan raketa Reýhanly etrabynyň Degirmenbaşy etrapçasyndaky boş meýdana degdi.

Sebite köp sanda ýangyn söndüriji we tiz kömek ulagy iberilip, wakada ýaralanan ýa-da ýogalan adamyň ýokdygy beýan edildi.


Etiketkalar: PKK , PÝD , Hataý , Reýhanly

Degişli Habarlar