Erdogan: “Siriýanyň demirgazygynda terror korridoryna asla rugsat bermeris”

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Siriýanyň demirgazygynda terror terror korridoryna asla rugsat bermejekdiklerini belledi

897721
Erdogan: “Siriýanyň demirgazygynda terror korridoryna asla rugsat bermeris”

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T. Erdogan partiýasynyň baş merkezinde “Welaýat başlyklaryň giňeldilen maslahatynda” çykyş etdi. Çykyşynda Siriýanyň Afrin sebitini terrorçylardan saplamak maksady bilen alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünde durup geçen Erdogan: “Türkiýäniň terrora garşy göreş babatyndaky tutanýerliligini düşünmek islemeýänler üçin Zeýtun şahajygy operasiýasy açyk bir duýduryş, fakta esaslanýan bir mysaldyr” diýdi.

Türkiýäniň Prezidenti gysga wagtda terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-niň gymyldamajak ýagdaýa getiriljekdigini beýan etdi.

Türkiýäniň asuda ilatyň goralmagyna uly ähmiýet berýändigini aýdan Erdogan türk esgerleriniň bigünä adamlaryň goralmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini, bu babatda gadymy döwürlerden bäri türk esgerleriniň örän berk düzgün-kadalarynyň bardygyny nygtady.

Ejizleriň we ezilenleriň hukuklaryny ahyryna çenli gorajakdyklaryny aýdan Erdogan: “Biz dogry bilýän ýolumyzda soňuna çenli ýöräris” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň Afrin sebitindäki operasiýanyň diňe terror guramalaryna we terrorçylara garşydygyny beýan etdi.

ABŞ-niň PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar etmegine garamazdan, adyny üýtgedip bu terrorçylara ýarag akdyrýandygyny aýdan Erdogan amerikalylaryň terrorçylara  berilen ýaraglaryň öz salgytlary bilen alynýandygy üçin öz ýurtlaryny bu babatda tankyt edýändiklerini belledi.

Erdogan: “Şu gün 7-nji gününe giren Zeýtun şahajygy operasiýamyzy maksadymyza ýetýänçäk çenli dowam etdireris. Münbiçi terrorçylardan saplarys. Soň bolsa Yrak serhedine çenli bir sany terrorçy galmaýança çenli operasiýamyzy dowam etdireris. Islendik terrora garşy olan tarap bu göreşde biziň ýanymyzda bolmagyny isläris” diýdi.



Degişli Habarlar