Ministr Çawuşogly Afrin operasiýasy bilen bagly möhüm beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-niň Siriýada serhet goşunynyň döredilmejekdigi baradaky beýanatynyň Afrine guraljak operasiýany yza süýşürmejekdigini nygtady

Ministr Çawuşogly Afrin operasiýasy bilen bagly möhüm beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň serhedinde terror goşuny meýilnamasy bilen baglanşykly amerikaly resmileriň beren soňky beýanatynyň kanagatlandyryjy däldigini belläp: “Bu ädimleri eden halatlarynda Siriýanyň geljegi hem howp astyna girer” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly hususy telewideniýeleriň birinde Siriýanyň Afrin sebitindäki terrorçylara garşy geçiriljek operasiýa barada maglumat berdi.

Çawuşogly: “ABŞ bize Münbiç babatynda beren sözüniň arkasynda durmady. ÝPG Münbiçden çykmady. Biziň edilen ädimleri görmegimiz möhüm. Şular ýaly ýa-da bular ýaly diýmekleri bizi kanagatlandyrmaz. ABŞ-niň indi konkret ädim etmegine garaşýarys” diýip: “ÝPG berilen ýaraglary yzyna ýygnajakdyklary barada söz beripdiler. Beren ýaraglarymyzyň nomerlerini alýarys we Rakka operasiýasyndan soň ýygnarys diýipdiler. Onuň mümkin däldigini ençeme gezek düşündirdik we şu günki gün şonuň dogrydygyny görýäris. ABŞ ýaly bir ýurt sözünde durmaly. Bu ýurda ynanyp bolmasa, kim olar bilen bir ýola çykar?” diýdi.

“ABŞ tarapyndan berilen soňky beýanatlar sebäpli Afrin operasiýasy yza süýşürilermi?” soragyna Mewlüt Çawuşogly: “Ýok” diýip jogap berdi.

Ministr Türkiýäniň golaýlap gelýän Afrin operasiýasy barada: “Howadan hüjüm guramak üçin koordinasy gerek. Russiýa we Eýran bilen bu babatda gepleşikler geçirýäris” diýip habar berdi.


Etiketkalar: Rakka , Afrin , ÝPG , ABŞ , Mewlüt Çawuşogly

Degişli Habarlar