Türkiýe bilen Somaliniň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Türkiýe bilen Somaliniň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň 1-nji maslahaty Ankarada geçirildi

Türkiýe bilen Somaliniň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

 

Türkiýe bilen Somaliniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi maksady bilen hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

Türkiýe bilen Somaliniň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň 1-nji maslahaty Ankarada geçirildi.

Wise-premýer Rejep Akdag iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 2016-njy ýylda 120 million dollara ýetendigini aýtdy.

Somaliniň Wise-premýeri Mahdi Mohammed Gulaid bolsa türk maýadarlaryny ýurduna çagyrdy.

Ykdysady komissiýanyň maslahatynyň çäginde Oba hojalyk we maldarçylyk ministri Eşref Fakybaba bilen Somaliniň Balykçylyk we suw çeşmeleri ministri Abdirahman Abdi Haski bolsa balykçylyk şertnamasyna gol çekişdi.

Şertnama laýyklykda türk balykçylary Somaliniň gara suwlaryna balyp tutar.

 

 

 

 



Degişli Habarlar