Türkiýäniň Ýaragly güýçleri PÝD-niň Afrindäki ýerlerine od açmaga başlady

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri terror guramasy PÝD/PKK-niň Siriýanyň Afrin şäherindäki söweşjeň liniýalaryna od açmaga başlady

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri PÝD-niň Afrindäki ýerlerine od açmaga başlady

Hataý welaýatynyň Siriýa serhedine ýerleşdirilen artilleriýa bölümleri PÝD/PKK-nyň Afrindäki ençeme ýerine od açdy.

Türk Ýaragly güýçler Hassa we Kyrykhan etraplaryndan Siriýanyň Afrin sebitiniň Basufan, Jindere, Memelan, Meskenli we Rajo diýilen ýerlerine azyndan 40 gezek od açdy.

Düýn günortan Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Elazygdaky VI nobatdaky welaýat kongresinde Siriýadaky terrora guramalaryna garşy göreş bilen baglanşykly ýüzlenme beren mahaly Türkiýäniň Ýaragly güýçleri hem guramanyň Afrindäki ýerlerine hüjüm gurapdy.


Etiketkalar: artilleriýa , PKK , PÝD , Hataý , Siriýa , Afrin

Degişli Habarlar