Premýer ministr Ýyldyrym Aksaraýda halka ýüzlendi

Binali Ýyldyrym Türkiýäniň rahatlygyny bozmak isleýänlere hiç wagt pursat bermejekdiklerini nygtady

Premýer ministr Ýyldyrym Aksaraýda halka ýüzlendi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym partiýasynyň Aksaraýdaky VI nobatdaky welaýat kongresinde eden çykyşynda: “Türkiýä garşy guraljak islendik hüjüme, ýurdyň öz içinde ýa-da daşary ýurtdan bolsun artykmajy bilen jogap beriler” diýdi.

Terrory Türkiýäniň gün tertibinden aýyrjakdyklaryny aýdan Binali Ýyldyrym terroryň arkasynda garňky güýçleriň bardygyny belledi.

Türk Premýer ministr Türkiýä duşman bolanlaryň höwesleriniň hökmany we hökmany öz ýüreklerinde galjakdygyny aýdyp: “Siriýada terroryň ösmegine rugsat bermeris. Türkiýäniň we raýatlarymyzyň howpsyzlygyna howp nireden gelse gelsin şol bada garşylyk görkezeris” diýdi.

Türkiýäniň terrora garşy göreşiniň global parahatçylyk üçin möhümdigini aýdan Binali Ýyldyrym: “Türkiýäniň howpsyzlygy, Türkiýäniň parahatçylygy şol bir wagtda Siriýanyň, Yragyň, ähli goňşularymyzyň parahatçylygy we doganlygydyr diýmekdir. Biziň daşary syýasatymyzyň ugru dostlukdyr. Ankara nähili derejede howpsyz bolsa, Nýu-Ýork, Pariž we London hem şol dereje howpsyzdyr. Sebäbi global terror serhet bilenok. Terrora garşy göreşmek ähli ýurtlaryň umumy jogapkärçiligidir. Terror guramalaryny özünde tutýanlar bu ýalňyş hereketden iň gysga wagtda dänmeli we dogry kararyny bermelidir” diýdi.



Degişli Habarlar