"Ankara nähili derejede howpsyz bolsa, Waşington hem şolar ýaly howpsyz"

Premýer ministr Binali Ýyldyrym: "Ankara nähili derejede howpsyz bolsa, Waşington hem şolar ýaly howpsyz" diýdi

"Ankara nähili derejede howpsyz bolsa, Waşington hem şolar ýaly howpsyz"

Premýer ministr Ýyldyrym paýtagty Ankarada gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri bilen bagly soraga jogap berdi.

Žurnalistleriň biriniň Türkiýäniň ABŞ-e syýahat duýduryşyny berendigini, ondan ozal bolsa Waşington tarapyndan hem Türkiýä garşy meňzeş kararyň kabul edilendigini ýatlatmagyna Binali Ýyldyrym: “Hem ýalňyş bir karardyr, hem-de ABŞ-Türkiýe gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirer. Ankara nähili derejede howpsyz bolsa, Waşington hem şolar ýaly howpsyz. Stambul nähili derejede howpsyz bolsa, Nýu-Ýork hem şolar ýaly howpsyzdyr. Syýahat gadagançylygyny goýup çözgüt tapyp bolmaz. Global terrorçylyga garşy has jebis bolmagymyz hökmany” diýdi.

Türkiýäniň Siriýanyň Idlib sebitinde asuda ilatyň gyrgyna berilmegini ýazgarandygyny aýdan Binali Ýyldyrym: “Siriýada parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Türkiýe başda bolmak bilen Russiýa we Eýran öz üstlerine jogapkärçilikler aldy. Ýagdaý bular ýaly bolan mahaly ýerleri basyp almak üçin asuda ilat ýa-da başgalar diýip tapawut goýmadan hüjüme başlamagy ýalňyşdyr we biz bu herekedi ýazgarýarys. Bu babatda hem Russiýa hem-de Eýran bilen gepleşikler geçirýäris. Duýduryşlarymyzy berdik, çärämizi görýäris” diýdi.

Binali Ýyldyrym Idlibdäki hüjümleriň artmagynyň täze göç tolkunlaryň, täze kynçylyklaryň döremegine sebäp boljakdygy barada duýduryş berdi.



Degişli Habarlar