ABŞ wiza meselesinde egilşik etdi

ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi wiza meselesindäki ýüz tutma çäklendirmelerini ortadan aýyrandyklaryny aýtdy

877835
ABŞ wiza meselesinde egilşik etdi

 

ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wiza meselesindäki ýüz tutma çäklendirmelerini ortadan aýyrandyklaryny aýtdy.

ABŞ 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda agdarlyşyk etmäge synanşan Fetullahçy terror guramasy bilen arabaglanşygynyň bardygy ýüze çykan ABŞ-nyň Türkiýedäki konsullygynyň işgäri Metin Topuzyň tussag edilmeginden soň 8-nji oktýabrda Türkiýeden edilen wiza ýüz tutmalaryny saklapdy.

Türkiýe hem karara garşylyk hökmünde Amerikan raýatlaryna wiza berilmegi işlerini saklandygyny mälim edipdi.

ABŞ-nyň Ankaradaky ilçisi gatnaşyklaryň kadalaşandygy üçin wiza hyzmatlarynyň ýaňadandan başlajakdygyny habar berdi.

 

 



Degişli Habarlar