Prezident Erdogan Ýalowada çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan BMG-niň Iýerusalim babatynda gerek bolan kararlary kabul etmese, degişli ýerlere ýüz tutjakdyklaryny belledi

869890
Prezident Erdogan Ýalowada çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti we Ak partiýanyň başlygy Erdogan Ýalowa welaýat kongresinde çykyş etdi.

Erdogan: "BMG, BMG-niň Howpsyzlyk geňeşi näme gerek bolsa ýerine ýetirmelidir. Ýerine ýetirmese hukugyň içinde gerek bolany etdirmek üçin degişli ýerlere ýüz tutarys" diýidi. 

Erdogan ysraýylly esgerler tarapyndan göz tussaglygyna alynan 14 ýaşly Fewzi El-Junidi atly palestinaly çaganyň gözleri daňylan ýagdaýda alynyp gidilýändigini görkezýän suraty görkezip 20 terrorçy bolan ysraýylly esgerleriň ol çagany agzyny-burnuny gara-gan edip süýrändiklerini belledi. 

Enesiniň gujagyndaky çagany görmeklerine garamazdan ýaraglary bilen enesini urandyklaryny aýdan Erdogan mundan başgada daun sindromly çaga ezýet berendiklerini habar berdi. 

Prezident Erdogan diňe Türkiýe üçin däl, eýsem BMG-e agza 196 ýurdyň ählisi we bähbidi üçin çagyryş berýändiklerini nygtap, dünýäniň bäşden uludygyny gygyrmaklaryny dowam etdirjekdiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar