Serkerdeler sebitdäki howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşar

Hulusi Akar Yragyň Baş ştabynyň başlygy, ABŞ-nyň Ýewropa güýçleriniň serkerdesi we Merkezi güýçleriniň serkerdesi bilen Ankarada duşuşar

Serkerdeler sebitdäki howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşar

Baş Ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar penşenbe güni Yragyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Osman Ganimi, ABŞ-nyň Ýewropa güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Kurtis Sjaparrotti we ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Woteli bilen Ankarada duşuşar.

Baş ştabyň internet saýtynda berlen beýanata görä, goşun generaly Akaryň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek maslahata Yragyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Osman Ganimi, ABŞ-nyň Ýewropa güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Kurtis Sjaparrotti we ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Woteli gatnaşar

Baş ştabda 14-nji dekabrda penşenbe güni geçiriljek maslahatda sebitdäki howpsyzlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar