“Karar Ýakyn Gündogaryň parahatçylyk etabyna urlan agyr zarbadyr”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň ABŞ-nyň Ierusalim kararyny kabul etmeýändigini nygtady

863260
“Karar Ýakyn Gündogaryň parahatçylyk etabyna urlan agyr zarbadyr”

 

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň ABŞ-nyň Ierusalim kararyny kabul etmeýändigini nygtady.

Ýyldyrym “Karar Palestina-Ysraýyl parahatçylyk gepleşiklerine we Ýakyn Gündogaryň parahatçylyk etabyna urlan agyr zarbadyr” diýdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda  “Türkiýe Respublikasy ABŞ-nyň Prezidentiniň Ierusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyny kabul etmeýär we kararyň biziň üçin hiç hili kanuny güýji ýokdyr. Şol karar Palestina-Ysraýyl parahatçylyk gepleşiklerine we Ýakyn Gündogaryň parahatçylyk etabyna urlan agyr zarbadyr”diýdi.

Karary berk ýazgarýandygyna ünsi çeken Ýyldyrym sözlerini şeýle dowam etdirdi. “Palestinanyň we Ýakyn Gündogaryň parahatçylygyna uly zeper ýetirjek karar, syýasy aladalar sebäpli kabul edilendir we jogapkärçiliksiz karardyr. Karary berk ýazgarýaryn. Hemişe bolşy ýaly Al Aksa metjidiniň başda durmagynda İerusalimdäki ähli mukaddes ýerleriň statusyna sarpa goýulmagy diýseň möhüm” diýdi.

Wise-premýer we hökümetiň metbugat sekretary Bekir Bozdag hem ABŞ-nyň Ierusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyny berk ýazgarýandyklaryny aýtdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa “bir ýurduň beýanaty bilen Ierusalim Ysraýylyň paýtagty bolup bilmez” diýdi.



Degişli Habarlar