Erdogan: “Trampyň Ierusalim baradaky karary sebiti oda bermek manysny aňladýar”

Erdogan Gresiýa ugramazyndan ozal raýatlara ýüzlenip çykyş etdi

Erdogan: “Trampyň Ierusalim baradaky karary sebiti oda bermek manysny aňladýar”

Prezident R.T.Erdogan Ankaranyň Esenboga adyndaky howa menzilinde Gresiýa ugramazyndan ozal raýatlara ýüzlenip çykyş etdi

Gije ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ierusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmegi barada durup geçen Erdogan, Trampyň 1980-nji ýylda BMG-niň Ysraýylyň Gündogar Ierusalimi özüne biriktirip, paýtagt yglan etmegini kabul etmeýändigi baradaky 478 belgili kararyna äsgermezçilik edendigini aýtdy.

Şu günki güne çenli ABŞ bilen Ysraýyldan başga haýsydyr bir ýurduň BMG-niň İýerusalim baradaky kararyna garşy hereket etmändigini beýan eden Erdogan; “Diňe şol iki ýurt karara garşy durdy. Hormatly Trampyň nämä ýaranmak islşeýändigine düşünmek mümkin däl. İýerusalim şu günki güne çenli musulmanlaryň, hristiýanlaryň we ýehudileriň hamala diýersiňiz ybadat merkezi hökmünde görüldi” diýdi.

Erdogan: “Al Aksa metjidi biziň ilkinji kyblagähimiz. Şeýle başlangyç etmek dünýäni, esasanda sebiti oda bermekdir. Eý Tramp, sen näme etmek isleýäň? Syýasy liderler bulaşdyrmak üçin däl, ýaraşdyrmak üçin tagalla edewr. Häzirki wagtda hormatly Trampyň beýannamalary mikser funksiýasyny berjaý edýär. Meçew beriji, ýaraşdyryjy däl” diýdi.

Erdogan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçysy hökmünde 13-nji dekabr çarşenbe güni ähli agza ýurtlaryň wekillerini Stambula çagyrandyklaryny aýtdy.

Erdogan şeýle-de mesele boýunça döwletleriň liderleri bilen gepleşiklerini dowam etdirýändigini nygtady.



Degişli Habarlar