Erdogan: “Lozanna meselesinde entegem düşünilmeýän käbir hususlar bar”

Erdogan Gresiýa saparynyň çäginde grek kardeşi Prokopis Pawlupulo bilen duşuşyp, bilelikde beýannama berdi

863327
Erdogan: “Lozanna meselesinde entegem düşünilmeýän  käbir hususlar bar”

Prezident R.T.Erdogan Gresiýa guraýan resmi saparynyň dowamynda Lozanna meselesinde entegem düşünilmeýän käbir hususlaryň bardygyny aýtdy

Erdogan Gresiýa saparynyň çäginde grek kardeşi Prokopis Pawlupulo bilen duşuşyp, bilelikde beýannama berdi.

Çykyşyknda 1923-nji ýylda gol çekişilen Lozanna ylalaşygynda entegem düşünilmeýäň käbir zatlaryn bardygyny nygtan Erdogan, Günbatar Frakiýadaky musulmanlaryň baş müftilerini entegem özleriniň saýlap bilmeýändigini mysal getirdi.

Erdogan: “Lozanna ylalaşygynyň berjaý edilýändigini nädip aýdyp bileris. diýmek Lozanna iş ýüzünde däl” diýdi.

Prezident Erdogan Gresiýanyň beýan edilen adam başyna düşýän milli girdejisine seredilende 18 müň dollara barabardygyny, Günbatar Frakiýanyň halkynyň ortaça adam başyna düşýäň girdejisiniň bolsa 2,200 dollara golaýdygyny beýan etdi.

Erdogan: “Maýa goýum, edilmeli başlangyçlar, degişli goldawlar olara berilmeýär. Ol ýerde alalama bar. Türkiýede meniň grek raýatlaryma şeýle çemeleşilmeýär. Ybadathanalary boýunça kiçijik tapawut ýok. emma Günbatar Frakiýada bular beýlede dursun, türk sözüniň ýazylmagyna-da geçirimlilik ýok” diýdi.



Degişli Habarlar