"Ierusalym meselesi dinlerara çaknyşyga sebäp bolup biler”

Türkiýe şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem ähli musulman älemi bilen birlikde Palestinaly doganlaryna goldaw bermäge dowam eder

862054
"Ierusalym meselesi dinlerara çaknyşyga sebäp bolup biler”

Resmi sapar bilen Günorta Koreýa giden Premýer ministr Binali Ýyldyrym kärdeşi Lee Nak Ýeon bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Binali Ýyldyrym ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ierusalyma göçürmek ýada şol şäheri Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek meýilnamasynyň kanunlara bap gelmeýändigini aýtdy.

Ýyldyrym “Ierusalym yslam we hrystyýan dini ýaly beýleki dinler üçin hem mukaddes ýerlerden biridir. Şäheriň statusyny üýtgetmek bir tarapdan birnäçe wagtdan bäri dowam edýän Ysraýyl-Palestina gepleşikleriniň bökdelmegine, Palestina döwletiniň gurulmagy hakyndaky tagallalara ýaramaz täsirini ýetirer, beýleki tarapdan bolsa dinlerara çaknyşyga sebäp bolup biler” diýdi.

ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ierusaluma göçürmek ýada şol şäheri Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek meýilnamasynyň kanunlara bap gelmeýändigini aýdan Binali Ýyldyrym, meseläniň sebitdäki dartgynlygy has-da möwjedip biljekdigi dogrusynda duýduryş berdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem ähli musulman älemi bilen birlikde Palestinaly doganlaryna goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar