Bir hepde-de 32 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Operasiýalarda jemi 4505 adam göz tussaglygyna alyndy
Soňky 1 hepde-de guralan operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 32 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Içeri işler ministrliginden berlen beýanatda 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň 27-si bilen dekabr aýynyň 4-i aralygynda 1438 operasiýanyň guralandygy nygtaldy.
Operasiýalarda 11-i öli, 16-sy sag we 5-i boýun egmek bilen jemi 32 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, köp sanly gowak bilen gaçybatalga hatardan çykaryldy.
Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň arasynda guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hem bardygy aýdylýar.
Operasiýalarda PKK bilen arabaglanşykly 246, DAİŞ bilen arabaglanşykly 69, Fetullahçy terror guramasy bilen arabaglanşykly 664 adam hem saklandy.
Kiber hüjümlere garşy göreşiň çäginde 175 adam hakynda dernew işi gozgaldy.
Operasiýalarda jemi 4505 adam göz tussaglygyna alyndy.