“Üç taraplaýyn maslahatda möhüm karalar kabul ediler”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Russiýanyň Soçi şäherinde geçiriljek üç taraplaýyn maslahatda möhüm kararlaryň kabul ediljekdigini mälim etdi

852975
“Üç taraplaýyn maslahatda möhüm karalar kabul ediler”

Stambul şäheriniň Ýyldyz tehniki uniwersitediň okuw ýylynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Ýyldyrym Soçidäki maslahatda Prezident R.T. Erdoganyň, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň we Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putiniň özara duşuşyk geçirjekdiklerini belledi.

Binali Ýyldyrym liderleriň Astana etabyndaky soňky netijeleri maslahatlaşjakdyklaryny we Ženewa etabyna geçmek üçin möhüm kararlar kabul etjekdiklerini habar berdi.

Ýyldyrym: “Ýuwaş-ýuwaş dowam etdirip bolmajak ýagdaýa gelen, millionlarça adamyň migrasiýa eden we bigünä adamlaryň ýogalan etaby yzda goýmak isleýäris. Bu etapda iň uly ýitgi çeken ýurt Türkiýedir” diýdi.



Degişli Habarlar