Stambulda gurluşygy dowam edýän dünýäniň iň uly howa menziliniň gurluşygynyň 73 göterimi tamamlandy

Stambulda gurluşygy dowam edýän dünýäniň iň uly howa menziliniň gurluşygynyň 73 göterimi tamamlandy

849854
Stambulda gurluşygy dowam edýän dünýäniň iň uly howa menziliniň gurluşygynyň 73 göterimi tamamlandy

Stambulda gurluşygy dowam edýän täze howa menziline baryp gören Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Ahmet Arslan, Stambulyň täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň güýçli depginde dowam etdirilmeginden hoşaldyklaryny belledi.

Arslan howa menziliniň gurluşygy hakynda beren beýanatynda soňky 15 ýylda Türkiýedäki howa menzilleriniň sanynyň 26-dan 55-e, ýolagçy sanynyň 34,5 milliondan 180 milliona ýetendigini belledi.

Ministr Arslan üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli ýolagçy sanynyň 189 milliona ýetirilmeginiň maksat edinilýändigini belledi.

Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Ahmet Arslan Stambulyň täze howa menziliniň 90 million ýolagça hyzmat etjek ilkinji bölüminiň geljek ýyl 29-njy oktýabrda açylmagynyň meýilleşdirilýändigini ýatlatdy.

Ministr Arslan howa menziliniň birinji bölümi açylan mahaly 100 müň, 2023-nji ýylda taslama doly tamamlanan mahaly hem 225 müň adama iş mümkinçiliginiň dörediljekdigini aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar