“Oýun oýnamaga synanyşýan käbir güýçler boşuna tagalla edýär”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýä garşy yzygiderli häsýetde oýun oýnamaga synanyşýan käbir güýçleriň boşuna tagalla edýändiklerini belledi

848981
“Oýun oýnamaga synanyşýan käbir güýçler boşuna tagalla edýär”

Binali Ýyldyrym Ankara söwda palatasynyň Kongresium zalynda VIII Gara ýollaryň howpsyzlygy simpoziumynyň we sergisiniň açylyşynda çykyş etdi.

Çykyşynda Türkiýä garşy yzygiderli häsýetde oýun oýnalmaga synanyşylýandygyny aýdan Ýyldyrym: “2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň eli bilen ýerine ýetirmäge synanyşan şowsyz agdarlyşyk synanyşygyny edip bilmeýänler, Türkiýäni dyza çökdürdip bilmeýänler, bu millete boýun egdirip bilmeýänler şu günki günlerde bolsa başga filmler düzýärler. 15-nji iýuldaky edip bilmedigimizi nädip tamamlap bileris diýip pursada garaşýarlar” diýip habar berdi.  

Binali Ýyldyrym käbir güýçleriň ykdysadyýet bilen, basyşlar bilen, krizisler bilen, haos ssenariýalary bilen bu milleti dyza çökdürip biljekdiklerini pikir edýändiklerini nygtap, bu güýçleriň boşuna höweslenýändiklerini belledi.  

Türk milletiniň duşmanlaryna garşy gerek bolan jogaby berendigini aýdan Ýyldyrym: “Bu millet Çanakgalada, Milli Azat edijilik söweşinde, Anafartalarda we Kutül Amarede dünýä we imperialistlere gerek bolan jogaby berip, şu günki güne gelip ýetdi. Bu baýdak, bu watan, bu millet, bu döwlet sögüsi bu milletiň süňňünde boldygy saýyn, hiç kim, hiç bir güýç bu ýurda hiç zat edip bilmez” diýdi.



Degişli Habarlar