Türkiýäniň Prezidenti Kuweýde bardy

Prezident R.T. Erdogan Kuweýdiň Emiri Şeýh Sabah El-Ahmed El-Jabir Es-Sabah El Sabahyň çakylygyna laýyklykda Kuweýde bardy

erdogan-ganim.jpg

Erdogan düýn gije Kuweýtde ýurdyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri El Halid El Sabah tarapyndan garşylandy.

Erdogan şu gün ilki bilen ýurdyň Milli mejlisiniň başlygy Merzuk El-Ghanimi we Premýer ministr Şeýh Jabir El-Mübarek El-Hamad Es-Sabahy aýry-aýry kabul etdi.

Beýan köşgünde bolan kabul edilşikler metbugata ýapyk häsýetde geçdi.

Ondan soň Prezident Erdogan Beýan köşgünde Kuweýdiň Emiri Şeyh Es-Sabah tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Garşylama dabarasyndan soň Prezident Erdogan we Şeýh Sabah toparara we ikiçäk duşuşyklar geçirmäge geçdiler.  

Duşuşyklardan soň gepleşikleri netijeli tamamlanan şertnamalara gol çekmek dabarasy bolar.  

Prezident Erdogan Kuweýtden soň Katara geçer.

Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň Kuweýt saparyna Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar, Adalat ministri Abdulhamit Gül, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak, Ýaşlar we sport ministr Osman Aşkyn Bak, Azyk, oba-hojalyk we maldarçylyk ministri Ahmet Eşref Fakybaba, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş, Tokaýçylyk we suw hojalyk ministri Weýsel Eroglu, Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan, Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan we Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn dagylar ýoldaşlyk edýär.


Etiketkalar: Emir , dabara , köşk , Kuweýt , Erdogan

Degişli Habarlar