PKK-a agza 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleri ýerleri anyklanylan aýralykçy terror guramasyna garşy howa hüjümini gurady

PKK-a agza 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan düýn guralan howa hüjüminde Bitlis, Şyrnak, Hakkari welaýatlarynda we Yragyň demirgazygyndaky Hakurk etrapçasynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçleri ýerleri anyklanylan aýralykçy terror guramasyna garşy howa hüjümini gurady.

Howa hüjüminde 2-i Bitlis, 4-i Şyrnak welaýatynda we 11-i hem Yragyň demiragazygyndaky Hakurk etrapçasynda bolmak bilen jemi 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hakkari welaýat häkimliginden berlen beýanatda hem PKK-a garşy guralan howa hüjüminde PKK-niň Şemdinliden jogapkär ýolbaşçylary bilen birlikde 10 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

 

 



Degişli Habarlar