Ýyldyrym BMG-niň Baş Sekretary Guterreş bilen duşuşdy

Premýer ministr Ýyldyrym duşuşygyň netijeli geçendigini nygtady

Ýyldyrym BMG-niň Baş Sekretary Guterreş bilen duşuşdy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ABŞ-na guraýan saparynyň çäginde Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy

Ýyldyrym Guterreş bilen geçiren duşuşygy barada: “Türkiýäniň sebitinde bar bolan durnuksyzlygyň ýüze çykaran netijelerin we göçleriň, bosgunlar meselesiniň emele getiren ýüküniň Türkiýe tarapyndan nähili pidakärlik bilen göterilýändigini Hormatly Baş Sekretar beýan etdi. Elbetde biziň tamamyz BMG-na agza ähli ýurtlaryň şol ýüki götermäge ýardam bermegi” diýdi.

Guterreş bilen sebitleýin we global meseleler barada pikir alyşandyklaryny aýdan Ýyldyrym: “Soňky deöwürde Mýanmanyň Rohingiýa musulmanlaryna edilen gyrgynçylyk boýunça BMG-niň has işjeň hereket etmegi we halkara jemgyýetçiligini herekete geçirmelidigini beýan etdik we “Bu meselede karara gelmegiň ýollary gözlenmeli” diýdik. Beýleki tarapdan öýlerinden, ýurtlaryndan çetleşdirilen, göçmäge mejbur edilen adamlara hem ynsanperwer kömeginiň BMG-niň utgaşdyrmagynda ýetirilmegi hem-de olaryň ýurtlaryna dolanmalydygyny, olaryň sesiniň ýeterlik eşidilmeýändigini, onuň diňe bir Türkiýäniň hereket edýändigini aýtdyk” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym şeýle-de Kipr, Liwiýa, Yrak we Siriýa meselelerde giňişleýin pikir almaga pursat tapandyklaryny nygtap, duşuşygyň netijeli geçendigini sözlerinibň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar