Premýer ministr Ýyldyrymyň Amerika sapary dowam edýär

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pens bilen bolan duşuşygynyň diýseň netijeli geçendigini aýtdy

Premýer ministr Ýyldyrymyň Amerika sapary dowam edýär

Ýyldyrym: “İçginlik we dogruçyllyk bilen meselelerimizi ara alyp maslahatlaşdyk. Özara meselelerimizi, sebitleýin meseleleri seljerdik” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Waşingtondan Nýu-Ýorka gidişin uçarda metbugat işgärlerine Pens bilen geçiren duşuşygy barada maglumat berdi.

Premýer ministr Ýyldyrym: “Duşuşyk dogursy diýseň netijeli geçdi. İçginlik we dogruçyllyk bilen meselelerimizi ara alyp maslahatlaşdyk. Özara meselelerimizi, sebitleýin meseleleri seljerdik. Özara meselelerde iki ýurduň arasynda soňky döwürde ýüze çykan düşnüşmezlikleriň ne Türkiýä ne-de ABŞ-na peýdaly däldigini, biz syýasatçylaryň, döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşyklara zeper ýetirýän meseleleri çözmelidigini beýan etdik” diýdi.

Duşuşyk barada Premýer ministrlikden berilen beýannamada şeýle diýilýär: “Duşuşykda FETÖ-niň ýolbaşçysynyň tussag edilip, ýurdumyza yzyna berilmegi, alyp barýan işleriniň bes edilmegi baradaky talabymyz ýene-de bir gezek beýan edildi. Nýu-Ýorkda dowam edýän we gatnaşyklara zeper ýetirýän kazyýet işlerindäki delilleriň galpdygy, kanunlara laýyk gelmeýän usullar bilen toplanandygyny ýatladyldy.

Terrorçylyga garşy göreş, özara hyzmatdaşlyk we sebitleýin meseleler giňişleýin seljerilip; terror guramasy ÝPG-ä ýarag berilmegine bildirilýän nägilelik we goldawyň bes edilmegine bolan ynamymyz ýatladyldy.”

Ýyldyrym-Pens duşuşygy barada Ak Tamdan hem beýannama berildi.

“İki ýurduň arasynda “täze sahypa açylmagyna tama bildirilen” ýazmaça beýannamada: “ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pens we Premýer ministr Binali Ýyldyrym Ak Tamdaky duşuşykda Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda dowam edýän strategik hyzmatdaşlygy ýene-de bir gezek tassykladylar.

Liderler bu duşuşygyň Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynda täze bir sahypanyň açylmagyna pursat döretmegini tama etdiler we özara gatnaşyklary netijeli dialogyň ähmiýeti barada durup geçdiler.

Ýakyn Gündogardaky durnuklylygyň we howpsyzlygyň ABŞ bilen Türkiýäniň umumy bähbidine gabat gelýändigi nygtalyp, şol maksada ýetmek üçin hökümetara arkalaşygyň güýçlendirilmegi barada ylalaşyldy.

Wise-premýer Pens Türkiýäniň global howpsyzlyga we DAİŞ-e garşy göreşe goşýan goşandy mynasybetli Premýer ministr Ýyldyryma sagbolsun aýtdy. Pens ABŞ-nyň PKK bilen we beýleki terror howplary bilen göreşinde Türkiýäniň ýanynda durýandygyny hem nygtady.”



Degişli Habarlar