Goşun generaly Akar Atatürki hatyralama güni mynasibetli ýüzlenme çap etdi

Goşun generaly Akar ýüzlenmesinde Türk ýaragly güýçleriniň ýurduna abanýan ähli howplaryň hötdesinden geljekdigini nygtady

Goşun generaly Akar Atatürki hatyralama güni mynasibetli ýüzlenme çap etdi

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar türk halkynyň ýaňadandan direlişi bolan Garaşsyzlyk söweşiniň halkyň jebisligi bilen Gazi Mustafa Kemal Atatüň ýolbaşçylygynda ýeňiş bilen netijelenendigini nygtady.

Goşun generaly Akar 10-njy noýabr Atatürki hatyralama güni mynasibetli çap eden ýüzlenmesinde Atatürkiň diňe bu watanyň topraklaryny halas etmek bilen çäklenmän eýsem şol bir wagtda garaşsyzlyk we döwrebaplyk pikirini ýurduň çar tarapynda ýaýbaňlandyrandygyny belledi.

Akar Atatürküň ýakan garaşsyzlyk oduny göteren Türk ýaragly güýçleriniň ähli howplara garşy ýagty geljek üçin göreşmäge dowam etjekdigini belledi.

Goşun generaly Akar ýüzlenmesinde Türk ýaragly güýçleriniň ýurduna abanýan ähli howplaryň hötdesinden geljekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar