Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürk uly hormat bilen hatyralanýar

Döwlet ýolbaşçylary Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýdy

Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürk uly hormat bilen hatyralanýar
Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürk uly hormat bilen hatyralanýar
Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürk uly hormat bilen hatyralanýar

Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürk uly hormat bilen hatyralanýar

Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürk aradan çykan gününiň 79-njy ýylynda uly hormat bilen hatyralanýar.

Paýtagt Ankaradaky ilkinji hatyralama çärsi her ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem Atatürkiň aramgähinde geçirildi.

Döwlet ýolbaşçylary Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýdy.

Prezident R. T. Erdogan Atatürkiň aramgähiniň ýörite depderine “ Aradan çykan gününiň 79-njy ýylynda Milli azat edijilik söweşimiziň beýik serkerdebaşysyny, Respublikamyzyň esaslandyryjysyny we ilkinji Prezidentimiz Gazi Mustafa Kemal Atatürki ýene-de bir gezek hormatlamak bilen hatyralaýarys” diýip ýazdy.

Prezident Erdogan “Türkiýe Respublikasyny Atatürkiň bize goýan esasy mirasy hökmünde görýäris we Atatürkiň Türkiýäniň döwrebap medeniýetler derejesine çykarylmagy maksadyna laýyklykda gije-gündüz arman ýadaman işlemegä dowam edýäris. Ýatan ýeriň ýagty bolsun” diýip ýazdy.

 



Degişli Habarlar