“FETÖ-niň DAIŞ-den hiç hili tapawudy ýok”

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň dostlary hökmünde ABŞ-da ýaşaýan musulman jemgyýetinden FETÖ degişli mekdeplerden we medeniýet merkezlerinden çetde durmaklaryny isledi

“FETÖ-niň DAIŞ-den hiç hili tapawudy ýok”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda agdarlyşyk etmäge synanşan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň başga bir terror guramasy bolan DAIŞ-den tapawudynyň ýokdygyny aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym ABŞ-na guraýan saparynyň çäginde Din işleri edarasy tarapyndan gurdurlan Türk-Amerikan medeniýet merkezine we metjidine baryp gördi.

Ýyldyrym Maryland ştatynda Prezident R. T. Erdogan tarapyndan 2016-njy ýylyň 2-nji aprelinde açylan Türk-Amerikan medeniýet merkezinde we metjidinde musulman jemgyýetleriň wekilleri bilen duşuşdy.

Geçen ýyl FETÖ-niň agdarlyşyk etmäge synanşandygyny ýatladan Ýyldyrym “ Ýagly güýçlerimiziň hataryndaky dönükler 250 raýatymyzy öldürdi. 2193 raýatymyz hem gan döküşikli agdarlyşyk synanşygynda ýaralandy” diýdi.

1,5 ýyldan bäri hukuk kadalarynyň çäginde eli ganly terror guramasynyň agzalaryny anyklamaga dowam edýändiklerini aýdan Ýyldyrym” FETÖ-niň ýolbaşçysy bir din adamy däl eýsem eli ganly terrorçydyr. DAIŞ bilen FETÖ-niň arasynda hiç hili tapawut ýokdyr. İkisi hem yslam dininiň mukaddes gymmatlyklaryny basgylady we musulmanlary öldürdi” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň dostlary hökmünde ABŞ-da ýaşaýan musulman jemgyýetinden FETÖ degişli mekdeplerden we medeniýet merkezlerinden çetde durmaklaryny isledi.

 



Degişli Habarlar