Prezident Erdogan Polşadan gaýdyşyn beýanat berdi

17-nji oktýabrda Polşa resmi sapar guran Erdogan Türkiýä gaýdyp gelýärkä uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi

830172
Prezident Erdogan Polşadan gaýdyşyn beýanat berdi

Türkiýäniň lideri Erdogan Yragyň Kürt Awtonomiýasynda 25-nji sentýabrda geçirilen garaşsyzlyk referendumy we ondan soň Kerkükdäki demografik gurluşynyň üýtgedilmäge synanyşylmagy sebäpli Yragyň Kürt Awtonomiýasyna gümrük geçelgelerini islendik pursatda ýapyp biljekdiklerini habar berdi.

17-nji oktýabrda Polşa resmi sapar guran Erdogan Türkiýä gaýdyp gelýärkä uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Yragyň Kürt Awtonomýasyna embargo goýmak babatynda Yragyň merkezi hökümeti bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýdan Erdogan: “Yragyň Kürt Awtonomýasyna howa giňişligimizi ýapdyk. Gury ýerde näme edip boljakdygy barada gepleşiklergeçirilýär. Merkezi hökümete gümrük geçelgeleri berilse Yragyň Kürt Awtonomýasynyň halkynyň zerurlyklaryny Bagdat tarapyndan üpjün edilmegi şertini orta atarys. Biz gümrük geçelgelerini entek ýapmadyk, emma bu hem islendik pursat bolup biler” diýdi.

Şaýy Haşdi Şabi söweşijileriniň Sinjary we Mahmury basyp alandygy barada habarlar gelmäge başlandygyny aýdan Erdogan: “Bular hakykatdan hem şeýle bolsa, onda garşydakylarymyz bilen aýratyn bir gepleşikler geçirmek ýagdaýy döräp biler” diýdi.

Fetullahçy terror guramasy FETÖ bilen aragatnaşykdadygy anyklanan ABŞ-nyň Stambuldaky Başkonsullugynda işleýän adamlar bilen balanşykly meseläniň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Ortada etmiş bar bolsa, onda kanun näme diýýän bolsa şol ýerine ýetiriler. Kazyýet kanuna görä derňär we gerek bolan karary berer” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen başdan geçirýän mesele barada bolsa Erdogan: “Eýrana garşy embargo goýanlaryň özlerine hem bakmaklary möhüm. Bu işde menden başga adama haramdyr, diňe maňa halaldyr diýen düşünjesi bolmaz. Meseleler gowy niýetler bilen, diplomatiýa bilen çözülmeli” diýdi.



Degişli Habarlar