Somalide guralan bombaly hüjümlerde ýaralanan 35 adam bejergi almaklary üçin Ankara getirildi

Somaliniň paýtagty Mogadişuda hepdäniň ahyrynda guralan bombaly hüjümlerde ýaralanan somalili 35 adam bejergi almaklary üçin Ankara getirildi

828334
Somalide guralan bombaly hüjümlerde ýaralanan 35 adam bejergi almaklary üçin Ankara getirildi

Ýaralanan somalililer dürli hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýanata görä, terrorçylykly hüjümden soň Prezident R. T. Erdoganyň görkezmesi boýunça ýörite harby uçar ýaralanan somalileriň bir bölegini Türkiýä getirmek üçin Somala gitdi.

10 tonnalyk medisina kömegi bilen 33 adamlyk saglygy goraýyş topary hem 15-nji oktýarda Somala ugradyldy.

Saglygy goraýyş ministri Ahmet Demirjan hem Somala baryp ýaralananlaryň ýagdaýy bilen tanyş boldy.

Somala giden saglygy goraýyş toparyndaky lukmanlar Mogadişuda hyzmat edýän R. T. Erdogan hassahanasynda ýaralananlary bejerer.

Mogadişuda guralan bombaly hüjümlerde 300-den gowrak adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #Somali , #hüjüm , #Ankara , #Mogadişu

Degişli Habarlar