Türkiýe Ortaýer deňizinden umytly

Türkiýe Ortaýer deňizinden umytly, ilkinji çuň buraw 2018-nji ýylda başlar

825770
Türkiýe Ortaýer deňizinden umytly

Antalýadaky Energetika maslahatynda soraglara jogap beren Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak nebitde we tebigy gazda ilkinji çuň burawyň 2018-nji ýylda Ortaýer deňizinde başlajakdygyny habar berdi.

Albaýrak: “Ortaýer deňizinden örän umytlydyrys” diýdi.

Ortaýer deňizindäki buraw işleri bilen ummansyz girdejiniň boljakdygyny aýdan Albaýrak Türkiýäniň ýokary liga çykmak üçin energetika babatynda daşary ýurtlara bolan garaşlylygynyň azaldylmagynyň örän wajypdygyny belledi.



Degişli Habarlar