Şimşek: “ABŞ bilen başdan geçirilýän wiza dartgynlygy wagtlaýyn”

Wise-premýer Mehmet Şimşek ABŞ bilen başdan geçirilýän wiza dartgynlygyň wagtlaýyndygyny belledi

Şimşek: “ABŞ bilen başdan geçirilýän wiza dartgynlygy wagtlaýyn”

Wise-premýer Mehmet Şimşek Halkara Pul gaznasy IMF we Bütindünýä Bankyň maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň paýtagty Waşingtona baryp, ilki bilen Amerikan Söwda palatasynda Türk Miras gaznasynyň panelinde çykyş etdi.

Türkiýäniň ykdysadyýetde ençeme reformany geçirendigini we dünýäniň iň uly 13-nji ykdysadyýetidigini aýdan Şimşek çykyşynda wiza krizisiniň üstünde hem durup geçdi.

Mehmet Şimşek: “Türkiýe özygtyýar we namysjaň bir ýurtdyr. Amerikanyň wiza kararyna elbetde meňzeş garşylyk görkeziler” diýdi.

ABŞ-dan we ähli dost ýurtlardan duýgudaşlyga garaşýandyklaryny aýdan Şimşek aragatnaşyk, dialog we ikitaraplaýyn düşünişmegiň hökmandygyny belledi.

ABŞ bilen Türkiýäniň ençeme meselede biri-birine mätäçdigini aýdan Mehmet Şimşek aragatnaşyk liniýalarynyň açyk bolmalydygyny habar berdi.

Wise-premýer Mehmet Şimşek Wiza krizisiniň ýakynda çözülmegine garaşýandyklaryny belledi.



Degişli Habarlar