Erdogan Bosniýa Milli azlyklar geňeşiniň başlygy Uglanini kabul etdi

Resmi sapar bilen Serbiýa baran Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Bosniýa Milli azlyklar geňeşiniň başlygy Suleman Uglanini kabul etdi

Erdogan Bosniýa Milli azlyklar geňeşiniň başlygy Uglanini kabul etdi

Kabul edilşikden soň Bosniýa Milli azlyklar geňeşinde çykyş eden Erdogan Serbiýadaky bosniýalylary diňe ýakyn garyndaş hökmünde garamaýandyklaryny belledi.

Bosniýa azlyklaryň hukuklaryny Ýewropa ýurtlarynyň arasynda iň ösen kanunlaryň birine eýe bolan Serbiýanyň kanunlarynyň we konstitutsiýasynyň çäginde gorap biljekdigini aýdan Erdogan Bosniýa Milli azlyklar geňeşiniň başlygy Suleman Uglaniniň bu barada edýän tagallalaryny takdyr edýändigini belledi.

Türk maýalarynyň Sanjakda artdyrylmagy üçin işe girişilendigini we ony höweslendirýändiklerini aýdan Erdogan ony Belgratda işewürler forumynda aýdandygyny ýatlatdy.

Saglygy goraýyş, bilim, infrastruktura ýaly ençeme ugurda iki ýurdyň bilelikde iş alyp barmalydygyny aýdan Erdogan: “TIKA-nyň we Daşary ýurtdaky türkler we garyndaş jemgyýetler müdürligimiziň Serbiýada saglygy goraýyş, taryhy eserleriň abatlanmagy, bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagy we infrastruktura ýaly ugurlarda durmuşa geçiren taslamalarynyň örän möhümdigini pikir edýärin. Düýn esasan hem Serbiýadan et importynda 5 müň tonna etiň importy bilen baglanşykly ylalaşyk gazandyk. Onuň belli bir böleginiň esasan hem Nowi Pazara aýrylyp berilmelidigini belledim” diýdi.

Erdogan sebitde mebel fabrikasynyň gurulyp bilinjekdigini we taze iş orunlarynyň döredilip bilinjekdigini, hat-da Türkiýä we Ýewropa mebel eksport edilip bilinjekdigini belländigini aýtdy.



Degişli Habarlar