Ýyldyrym ABŞ bilen başdan geçirilýän wiza krizisiniň üstünde durup geçdi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen başda geçirilýän wiza krizisiniň dartgynlaşmajakdygyny, aragatnaşyk liniýalarynyň açykdygyny belledi

Ýyldyrym ABŞ bilen başdan geçirilýän wiza krizisiniň üstünde durup geçdi

Premýer ministr Ýyldyrym düýn TBMM-de metbugat işgärleriniň biriniň beren “Krizis has hem dartgynlaşmazmy?” soragyna, “Ýok, dartgynlaşmaz” diýip jogap berdi.

Binali Ýyldyrym “Aragatnaşyk liniýalar açykmy?” soragyna bolsa, “Hawa açyk. Degişli ýolbaşçylarymyz üstünde işleýärler” diýip belledi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş hem metbugat işgärleriniň beren soragyna Siriýa krisizine çözgüt tapmak maksady bilen başladylan Astana gepleşikleriniň başlanyndan bäri ABŞ bilen edilýän gatnaşyklarda dartgynlygyň bardygyny ýatladyp: “Populist pozisiýalardan uzak durulmaly. Meseläni sagdyn pikir we sabyr-takat bilen çözmeli” diýdi.



Degişli Habarlar