Türkiýäniň Prezidenti Serbiýada halka ýüzlendi

Prezident R.T. Erdogan Serbiýa guran saparynda Nowi Pazar şäheriniň häkimliginiň öňünde halka ýüzlendi

Türkiýäniň Prezidenti Serbiýada halka ýüzlendi

Serbiýanyň tapawutly ýerlerinden Türkiýäniň Prezident Erdogany görmek üçin Nowi Pazar şäherine gelen müňlerçe adam şäheriň köçelerini doldurdylar.

7 ýyl aradan soň ýaňadandan Nowi Pazar şäherine baran Erdoganyň bu şähere gelmegi uly şowhun döretdi.

Şäheriň ähli ýerine "Türkiýe" we "Nowi Pazara hoş geldiňiz" ýazgyly şygarlar we Türkiýäniň baýdaklary asylan bolsa, adamlar Prezident Erdogany görmek üçin aýnalardan seretdiler we binalaryň üçeklerine çykdylar.

Nowi Pazar şäherine Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen baran Erdogan şäher häkimligi binasynyň öňünde gurulan sahnada halka ýüzlendi.

Ol ýerde eden çykyşynda birlik we jebislik ýüzlenmesini beren Erdogan Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamyny Türkiýeden soguryp aýyryşlary ýaly Balkan ýurtlaryndan hem soguryp aýyrjakdyklaryny belledi.



Degişli Habarlar