"FETÖ/PDÝ-ä garşy göreşde berýän goldawy üçin Pakistana öz minnetdarlygymyzy bildirýäris”

Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Bekir Bozdag Pakistandan gelen žurnalistleri kabul etdi

"FETÖ/PDÝ-ä garşy göreşde berýän goldawy üçin Pakistana öz minnetdarlygymyzy bildirýäris”

Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ünsi çeken Bozdag Türkiýäniň Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-ä garşy göreşde berýän goldawy üçin Pakistana öz minnetdarlygyny bildirdi.

Türkiýe bilen Pakistanyň dartgynly etaplarda demokratiýadan ýüz öwürmändigini nygtan Bozdag, “Demokratiýa ýurtlarymyzyň güýjüne güýç goşan esasy faktordyr. Türkiýe 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygyny başdan geçirdi. Pakistan hökümetizime, mejlisimize we prezidentimize goldaw berdi. Beren içgin goldawlary üçin Pakistanyň halkyna we ýolbaşçylaryna öz minnetdarlygymyzy bildirýäris” diýdi.

Wise-premýer Bozdag FETÖ garşy göreşde Pakistanyň hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýratyn belledi.

 


Etiketkalar: göreş , FETÖ , Pakistan , Bekir Bozdag

Degişli Habarlar